«TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY» ŽURNALY

Giň jemgyýetçiligi döwleti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrmak maksadynda Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnaly çapdan çykdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara gatnaşyklara ygrarlylygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-nji maýynda sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygynda eden çykyşynda hem nobatdaky gezek öz beýanyny tapdy.

Biziň ýurdumyz umumy bähbidiň hatyrasyna öz döredijilik kuwwatyny amala aşyrmak bilen, abraýly guramalar we düzümler bilen işjeň aragatnaşykda bolup, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge mynasyp goşandyny goşýar.

Şolaryň biri ady agzalan köptaraplaýyn forumyň gün tertibiniň esasy meselesi bolup, hususan-da, dünýä bileleşigi üçin örän uly howp bolan täze görnüşli COVID-19 koronawirusyň pandemiýasyna garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmek bilen bagly boldy.

Milli Liderimiz birnäçe ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş edip, guramanyň çäklerinde maksatnamalaýyn resminamany işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň möhümdigini belledi. Ol ýokanç kesellere garşy göreşmekde agza döwletleriň işiniň esasy ýörelgelerini, şeýle hem keselleriň öňüni almaga we ýok etmäge gönükdirilen anyk ädimleri öz içine alýar. Ylmy diplomatiýanyň gurallaryny doly derejede peýdalanmak hem-de Alym-lukmanlaryň halkara geňeşini döretmek barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi uly seslenme döretdi.

Şonda aýratyn bellenilişi ýaly, mäkäm parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek öňde goýlan ähli wezipeleri gazanmagyň, häzirki ählumumy çökgünligi doly ýeňip geçmegiň esasy şerti bolup durýar.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň sentýabrynda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýany biragyzdan kabul edendigini ýatlatmak bilen, döwlet Baştutanymyz Goşulyşmazlyk hereketiniň ýurtlaryna şol resminamada görkezilen maksatlary gazanmaga işjeň ýardam bermäge, Ýer ýüzünde parahatçylyga hem-de netijeli ösüşe öz goşantlaryny goşmaga çagyryş bilen ýüzlendi.

Muhammet pygamberiň ýaşyna ýeten hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 63 ýaşynyň dolmagy geçen iýun aýynyň şanly wakasyna öwrüldi. Musulman ymmatynda çuňňur sarpa goýulýan bu ähmiýetli sene mynasybetli milli Liderimiz dünýä döwletleriniň, hökümetleriniň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan köp sanly gutlaglary kabul etdi.

Bu waka mynasybetli käbir döwletleriň Baştutanlary, görnükli jemgyýetçilik, syýasy we din işgärleri bilen geçirilen telefon gepleşikleri milli Liderimiziň sebitde we dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamagyň esasy şerti bolup çykyş edýän daşary syýasatynyň üstünliginiň ählumumy ykrar edilýändigini tassyklady.

Žurnalyň aýratyn rubrikasy şu ýylyň ikinji çärýeginde hormatly Prezidentimiziň halkara syýasy işjeňligine bagyşlanyldy. Türkmenistanyň Baştutanynyň 10-njy aprelde geçirilen Türki dilli ýurtlaryň geňeşiniň wideosammitine gatnaşmagy möhüm çäreleriň biri boldy. Köptaraplaýyn onlaýn duşuşygyň gün tertibine COVID-19 zerarly ýüze çykan meseleleri çözmek hem-de saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Şonda bellenilişi ýaly, biziň döwletimiz dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy bolmak bilen, ählumumy howpuň dörän ilkinji günlerinden başlap, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri, ozaly bilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. Ýurdumyzda täze görnüşdäki ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen işler geçirilip, tutuş saglygy goraýyş ulgamy öňüni alyş çärelerini görmek üçin dessin bir ýere jemlenildi.

Dünýäde dörän ýagdaýyň örän düýplüdigine düşünmek bilen, Türkmenistan şonuň bilen birlikde, häzirki şertlerde sebitiň döwletleriniň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň, ulag gatnawlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek zerur diýip hasaplaýar.

Öňden gelýän hyzmatdaşlary, ozaly bilen, goňşy ýurtlar bilen özara ýakyn gatnaşyklarda ýük daşamalaryň we üstaşyr gatnawlaryň ygtybarly ugurlaryny saklamak, «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň kadaly işlemegi üçin maksada gönükdirilen işler amala aşyrylýar.

Ýene-de şol aýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçirilen telefon gepleşiginiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça täze hukuk gurallaryny döretmegiň mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz BMG-niň çäklerinde onuň agza döwletleriniň, ýöriteleşdirilen halkara düzümleriň, dünýäniň maliýe guramalarynyň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda şu mesele boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy barada pikirini beýan etdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň adatdan daşary ýagdaýlarda ulag kommunikasiýalarynyň meseleleri boýunça Kararnamasy ýa-da başga resminama şol işiň esasy netijesi bolup bilerdi.

Soňky aýlaryň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goňşy döwletleriň — Russiýanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Türkiýäniň Baştutanlary bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikleri meşhur neşiriň sahypalarynda giňden beýan edilýär.

Geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler Bitarap Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, şeýle hem dünýä gün tertibiniň ilkinji derejeli wezipelerini çözmekde köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen tagallalarynyň goldawa eýe bolýandygyny tassyklady.

Žurnalyň sahypalarynda daşary ýurtly belli syýasatçylaryň, görnükli ylym we jemgyýetçilik işgärleriniň, diplomatlaryň, işewürleriň Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlary hem-de däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri baradaky makalalaryna aýratyn orun berilýär.

«ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy ýerine ýetiriji direktory, enjamlar we abzallar kompaniýasynyň prezidenti, Türkmen-ýapon ykdysady komitetine ýapon tarapyndan ýolbaşçylyk edýän Hiroýuki Subainiň makalasy okyjylarda uly gyzyklanma döreder, ol ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada öz pikirlerini beýan edýär.

«Azerbaýjanyň diplomatiýa akademiýasy» uniwersitetiniň prorektory Fariz Ismailzade Türkmenistanyň özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde halkara pikir alyşmalary, duşuşyklary geçirmek hem-de başlangyçlar üçin oňyn meýdança hökmünde çykyş edýändigini belleýär. Belli alym habarçy bilen gürrüňdeşlikde emele gelen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň iki tarapyň hem bähbitleri hasaba alnyp guralýan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly şertleri döredýändigini aýtdy.

Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň döredilenine 75 ýyl dolýar. Bu guramanyň düzüminde BMG-niň Ösüş maksatnamasyny — 2030-njy ýyllara çenli Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde esasy tehniki agentlige aýratyn orun degişlidir.

BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirýän Natiýa Naswlişwiliniň belleýşi ýaly, BMG-niň Ösüş maksatnamasy 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Diňe soňky 5 ýylyň dowamynda umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million dollaryndan gowrak bolan 30-dan gowrak taslama bilelikde amala aşyryldy we durmuşa geçirilýär. Munuň özi uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr, taraplar umumy maksatlara ýetmek üçin bu gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge taýýardyrlar.

Şunda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlygy hökmünde biragyzdan saýlanylmagy berkarar Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ugrunyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydygyny ýatlatmak ýerlikli bolar. Bu hoş habar BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda gelip gowuşdy.

Türkmenistan indi altynjy gezek bu hormatly wezipä saýlanýar hem-de bu wakanyň Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy bellenilýän ýylyna gabat gelmegi aýratyn buýsanç duýgusyny döredýär.

Ýurdumyz öz parahatçylyk döredijilikli mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidine ugrukdyrmaga çalyşmak bilen, bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň belent maksatlaryna laýyk gelýän köpugurly işleri alyp barýar. Türkmenistanyň we BMG-niň esasy agentlikleriniň DÖM-ni durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki maksatnamalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy adam hukuklary we suw diplomatiýasy boýunça çap edilen makalalarda öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň halkara guramalar bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy žurnalyň şu gezekki sanynyň sahypalarynda beýleki möhüm meseleler bilen birlikde beýan edilýär.

Okyjylar şeýle hem Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletinde diplomatiýanyň orny barada gürrüň berýän makala bilen tanşyp, taryha özboluşly gezelenç edip bilerler.

Žurnalyň şu gezekki sany däp bolan «Diplomatiýa durmuşynyň senenamasy» atly umumy sözbaşyly makalalar toplumy bilen tamamlanýar, olarda şu ýylyň aprel — iýun aýlarynda wideomaslahat görnüşinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň, iri halkara we sebit guramalarynyň wekiliýetleri bilen geçirilen köp sanly forumlara, maslahatlara, gepleşiklere we syýasy geňeşmelere syn berilýär.

Şeýle hem brifinglere, «tegelek stoluň» başyndaky gepleşiklere we DIM-niň we beýleki birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň BMG-niň ýurdumyzda işleýän agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň işgärleri bilen geçiren iş duşuşyklaryna aýratyn orun berilýär, bu duşuşyklarda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, bilelikdäki meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada pikir alşyldy.

Şeýlelikde, bu synymyz halkara ähmiýetli çäreleriň giň toplumy barada aýdyň düşünje berdi, olar häzirki wagtda Türkmenistana hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, tutuş adamzadyň bähbitlerine doly laýyk gelýän daşary syýasat ugruna barha artýan gyzyklanmalary beýan edýär.

/ Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /