«DEMOKRATIÝA WE HUKUK» ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Neşir “Sanlylaşdyrmagyň, elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk üpjünçiligi” atly makala bilen açylýar. Onda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada gürrüň berilýär.

Milli Liderimiz häzirki zaman tehnikalaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak arkaly ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmek, täzeçil önümçilik düzümlerini döretmek we maýa goýum işini höweslendirmek boýunça möhüm wezipeleri öňe sürýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň”, “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilmegi möhümdir.

Mundan başga-da, makalada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilýän milli hukuk binýadynyň ähmiýeti bellenilýär. Olaryň hatarynda “Aragatnaşyk hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Kiber howpsuzlyk hakynda”, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” we beýleki Kanunlar bar.

“Maglumat jemgyýeti we hukuk ylmy” atly makalada hem hut şu ugra üns berilýär. Onda durmuş-ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny, Türkmenistanda ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň, maglumat hukugy ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna garalýar.

Ýene bir makala saýlawlary guramagyň demokratik esaslaryna bagyşlanýar. Onda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleriniň üpjün edilimegine degişli meseleler beýan edilýär.

Makalanyň awtory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda döwletimiziň demokratik esaslarynyň berkidilmegine, halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň pugtalanmagyna, jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtaýar hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi saýlaw toparynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini açyp görkezýär.

Žurnalyň bu gezekki sanynda çap edilen “Türkmenistanyň daşary syýasatynyň halkara hukuk esaslary” atly makalada Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda milli Liderimiziň abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, BMG bilen hyzmatdaşlykda döwletara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alyp barýan strategiýasynyň netijeliligi bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyk dörediji başlangyçlary barada aýdylyp, onuň döwletler bilen özara gatnaşyklarda güýç ulanmazlyk, ähli ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek, döwletiň Garaşsyzlygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak ýaly binýatlyk ýörelgelere esaslanýandygy barada aýdylýar.

Häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli konsepsiýasyndan ugur alýar. Ol syýasy, ykdysady, energetika, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem ekologiýa, tehnogen häsiýetli töwekgelçilikleri duýdurmak, halkara terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagyna we beýleki ählumumy wehimlere garşy durmak ýaly ýörelgeleri öz içine alýar diýlip, makalada nygtalýar.

ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky wekili Kristin Weýgandyň makalasy Türkmenistanyň bu halkara gurama bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna bagyşlanandyr. BMG-niň çaganyň hukuklary boýunça konwensiýasynyň we çagalar bilen baglanyşykly beýleki halkara resminamalaryň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, awtor ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini belleýär.

Şunda Türkmenistanyň çaganyň irki ösüşi boýunça Milli strategiýanyň hereketler meýilnamasyny, sagdyn iýmitlenmek boýunça Milli maksatnamany işläp taýýarlamaga, çagalar üçin ýerli derejede ýokary hilli hyzmatlar toplumyny ornaşdyrmak arkaly durmuş goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmäge bolan çemeleşmeleriniň wajyp ähmiýeti nygtalýar.

“Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmegiň innowasiýa usullary” atly makalada milli medeni mirasyň goralmagyna, täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň saklanmagynyň we onuň mundan beýläk-de artdyrylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen Kanunlaryň ähmiýetine seljerme berilýär. Bu meseleleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi.

Şeýle hem makalada BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) bilen halkara hyzmatdaşlyk meseleleri beýan edilýär. Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi teklip edilýän desgalara baha bermek bu guramanyň işiniň esasy ugry bolup durýar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistany bu düzüm bilen köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny bellemeli. Olaryň hatarynda Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni goraghanalarynyň bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy, “Görogly” şadessanynyň, “Küşt depdi” tans dessurynyň we türkmen halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bar.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň goraghanalaryny tebigy görnüşinde saklamak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Garagum sährasy özüniň ajaýyp tebigy aýratynlyklary bilen bellidir. Köýtendag, Bathyz we Repetek goraghanalarynyň, “Bereketli Garagum” Döwlet tebigy goraghanasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar we olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdyr.

Ýurdumyzyň hünärmenleri şu ýylyň bahar paslynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabyndan ruhlanyp, Amul bilen Merwiň arasynda bu meşhur ugur boýunça ýerleşýän kerwensaraýlaryň taryhyny öwrenmek bilen meşgullandylar.

Ylmy toparlaryň işgärleri tarapyndan ady rowaýata öwrülen bu ýoluň ugrunda saklanyp galan desgalaryň ölçeg çyzgylary düzüldi. Olar surata düşürildi we ýadygärlikleriň töwereginde gorag çäkleri kesgitlendi. Olar geljekde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmäge teklip ediler.

“Prokuror gözegçiliginiň namalarynyň hukuk ähmiýeti” atly makalada konstitusion özgertmeleriň esasy ugurlary barada gürrüň berilýär. Kanunçylygy saklamakda, hukuk bozulmalarynyň öňüni almakda oňa möhüm orun degişli bolup durýar.

Žurnalyň bu gezekki sany “Senenama” ady bilen berilýän maglumatlar toplumy bilen jemlenýär. Onda ýylyň ikinji çärýeginiň dowamynda bolan wakalara, abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň we bilermenleriň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşyklara we maslahatlara gysgaça syn berilýär.

/ Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /