TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK WEKILHANASY PARIŽDE ÝUNESKO-NYŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA «MEDENIÝETLERIŇ KÖPDÜRLILIGINIŇ FESTIWALYNA» GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy beýleki diplomatik wekilhanalary bilen birlikde ÝUNESKO-nyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli guralan we bu çärä bagyşlanyp geçirilen «Medeniýetleriň köpdürliliginiň festiwalyna» özüniň stendi bilen gatnaşdy.

Medeni çäre ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirildi we Guramanyň Kätipliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Ilçiler Klubynyň başlangyjy boýunça guraldy. Bu çärä gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi özleriniň milli stendlerini guradylar.

«Medeniýetleriň köpdürliliginiň festiwalynyň» açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň Kätipliginiň, ÝUNESKO-nyň ýanynda we Fransiýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Fransiýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçiligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ilçihanasy bu medeni çäräni şonuň ýaly-da biziň ýurdumyzda yglan edilen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly bilen utgaşdyrdy.

Türkmen stendinde el halylary, milli egin-eşikler, zergärçilik önümleri we bezeg şaýlary görkezildi. Şonuň ýaly hem biziň stendimizi görmäge gelýänlere milli tagamlarymyz hödür edildi.

/ 2020-nji ýyl - TürkmenistanBitaraplygyň mekany /