TÜRKMENISTANYŇ JSIM BARLAGHANASY BSGG-NIŇ ÄHLUMUMY ULGAMYNA GIRIZILDI

2019-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň (JSIM) Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew boýunça milli merkez diýen derejäniň berilmegini tassyklaýan güwänamanyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň güwänamasyny bu guramanyň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy hanym Paulina Karwowska gowşurdy. Dabaraly çärä lukmançylyk edaralarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Jemgyýetçilik saglygy goraýşyň ösüşiniň derejesi islendik ýurduň ilatynyň ýaşaýşynyň hiliniň, döwlet nusgasynyň we durmuş syýasatynyň esasy görkezijileriniň biridir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy Türkmenistanyň bu ulgamdaky umumymilli uzak möhletli taslamasydyr.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanda dümewe garşy öňüni alyş çärelerini geçirmek we wirusy seljermek, halkara ölçeglerine laýyklykda, onuň ýaýramagyna gözegçilik etmek boýunça yzygiderli işler ýola goýuldy.

Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň düzümine girýän Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew boýunça milli merkez diýen derejäniň berilmegi dümewe garşy barlaghana gözegçiligine we ýurdumyzda öňüni alyş çäreleriniň hem-de gözegçiligiň geçirilmegine jogapkärli çemeleşmegiň subutnamasydyr.

BSGG-niň ýurt boýunça edarasynyň baştutany Paulina Karwowska Türkmenistanyň dümewe garşy arassaçylyk gözegçiligi boýunça BSGG-niň Ählumumy ulgamynyň ýörelgelerine we jogap çäreleriniň kabul edilmegine ygrarlydygyny belledi.

Hususan-da, Türkmenistan 2011-nji ýylda Saglygy goraýşyň bütindünýä assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda kabul edilen pandemiki dümewe taýýarlygy üpjün etmegiň guralyny üstünlikli durmuşa geçirýär.Ýokanç kesellere gözegçilik etmek we dümewi barlaghanalarda derňew etmek ulgamynda ýokary netijeler gazanyldy. Şeýle hem ol BSGG-niň we Türkmenistanyň halkyň saglygyny goramak ulgamynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy giňeltjekdigine hem-de dümew boýunça milli merkeziň özüne dereje berilmegi bilen baglanyşykly ähli borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /