Hyrat şäherinde Gündogaryň beýik akyldar we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan edebiýat agşamy geçirildi.

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygynda Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň, Owganystanyň DIM-niň Hyrat welaýatyndaky wekilhanasynyň, Hyrat welaýatynyň Maglumatlar we medeniýet müdirliginiň hem-de welaýatyň ýazyjylar birleşginiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda Gündogaryň beýik akyldar we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Magtymguly Pyragynyň edebiýat agşamy geçirildi.

Edebiýat agşamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň başda durmagynda ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşiň kämil belentliklerine ýetendigini hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynynyň dünýä tanadylýandygyny bellediler. Şahyryň Berkarar döwlet gurmak barada arzuw eden röwşen umytlarynyň durmuşa geçen zamanasynda, Ata-Watany Türkmenistanda hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli tutulýan dabaraly çärelere ýokary baha berdiler.

Bu çärede oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi barada pikir alyşdylar we giň dünýägaraýyş bilen şahyrana paýhasa ýugrulan goşgularyny okadylar. Beýik ynsanperwer şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir türkmen edebiýatyna hem ruhy dünýäsine däl, eýsem, Gündogaryň halklaryna öz täsirini ýetirendigini bellediler.