ÝEWROPA ÝURTLARYNYŇ HALKLARYNYŇ TAGAMLARY
Türkmenistanda geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde Latwiýanyň, Polşanyň, Belgiýanyň, Awstriýanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň we Italiýanyň milli tagamlary dadylyp görüldi.
Tagamalry taýýarlamaga Türkmenistanda ýerleşýän ilçihanalaryň baş aşpezleri we işgärleri, şeýle hem ol ýa-da beýleki ýurduň azyk önümlerini öndürmäge ýöriteleşen ýerli telekeçilik ussatlary gatnaşdylar.
Aşgabatlylar tagamlary datmaga höwes bilen gatnaşdylar. Bu ýere dürli ýaşdaky – körpejelerden başlap ýaşy durugşan adamlar geldiler.
Daşary ýurtlaryň milli tagamyny dadyp, oňa mynasyp baha bermek – şol tagamy halaýanlara birneme ýakynlaşmakdyr.
Telekeçi Şasenem Garlyýewa Fransiýanyň we Italiýanyň tagamlaryny taýýarlady. Bu ýurtlaryň önümlerinden we olaryň däp bolan usullaryndan neapolitan we rim pissalary, şokoladly kruasanlar, badamly süýji köke we beýelki datly tagamlar taýýarlanyldy.
Polýak warenikleri, nemes dranikleri, üzüm ýapragyna dolanan rumyn teftelileri, latyş sowuk şugundyr çorbasy ... çalt paýlanyldy. Belgiýa şokoladly ýertudana has islegli boldy, diňe italýan doňdurmasy ondan öňe geçdi. «Balgaýmak» firmasynyň hünärmenleriniň ikisi ýetişikli işlese-de, doňdurma nobat azalmady, şonuň üçin hem adamlar bilen gürleşmek başartmady. Diňe bir zady – doňdurma taýýarlamaga dikeldilen däl-de, arassa süýt gerekdigini bildik.
Golaýda ýaşlar durdy. Olaryň haýsy okuw jaýyndandygyny soranymyzda olar düýn çeperçilik akademiýasynda latwiýaly nakgaş Ilona Romuleniň farfora surat çekmek boýunça ussatlar sapagyna barandyklaryny aýtdylar. Olar tagamlary datmaga Ilona bilen bile gelipdirler. Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi diňe bir dürli ýurtlardan adamlary birleşdirmäni, eýsem bir şäherdäki adamlary-da birleşdirýär.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67479/yewropa-yurtlarynyn-halklarynyn-tagamlary