img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Mar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi barada

2024-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhammedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenkonyň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri düýn Moskwa oblastynda bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly ýagdaý bilen baglanyşykly öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan tüýs ýürekden gynanç...

DOWAMY
pic
23 Mar

Türkmenistanyň DIM-niň beýanaty

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäheriniň “Crocus City Hall” konsertler merkezinde bolup geçen terrorçylyk hereketlerini berk ýazgarma bilen çykyş edýär. Merhum bolan adamlaryň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanjymyzy hem-de goldawymyzy bildirýäris. Ejir çekenleriň ählisine tiz sagalmaklaryny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi mfa.gov.tm

DOWAMY
pic
21 Mar

Türkmenistan we Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýärler

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynda iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Rimde  türkmen wekiliýeti bilen Wise-premýer we Italiýanyň Daşary işler ministri Antonio Taýaniniň arasynda gepleşikler geçirildi. Daşary işler ministrleri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanpewer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ar...

DOWAMY
pic
20 Mar

Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasy bilen gatnaşyklary berkidýär

2024-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Baş sekretary Ýan Sonders bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara gümrük ulgamlaryna, şol sanda BGG-nyň esasy konwensiýalaryna goşulmak ugrundaky tagallalaryna ünsi çekdi. Duşuşygyň dowamynda gümrük işi pudagynda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň BGG-nyň bilim we hünär kämill...

DOWAMY
pic
20 Mar

Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça Ýokary wekili bilen duşuşuk

2024-nji ýylyň 19-njy martynda Brýusselde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki Daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça Ýokary wekili Žosep Borrelliň arasynda duşuşuk geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa bilen ÝB-nyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Şol bir wagtyň özünde energiýa, ulag, sanlylaş...

DOWAMY
pic
20 Mar

Türkmen-belgiýa gatnaşyklarynyň täze sahypasy:hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi

2024-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Brýussele amala aşyran saparynyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler, halkara söwda we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Federal gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Ähtnamada ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň çygry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli we bir gezeklik geňeşmeler, institusi...

DOWAMY
pic
20 Mar

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýewropa Bileleşiginiň görnükli wekilleri bilen duşuşyklary

2024-nji ýylyň 19-njy martynda Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ykdysadyýet boýunça Ýewrokomissiýanyň ýerine ýetirinji orunbasary, Söwda boýunça ýewrokomissar Waldis Dobrowskisiň, Ýewrokomissiýanyň orunbasary Marganitis Shinasyň, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýewrokomissar Ýutto Urpilaýneniň arasynda duşuşyk geçirildi. Şeýle hem Ýewroparlamentiň Merkerzi Aziýa döwletleri we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň başlygy Tomaş Zdehowski bilen gepleşikler geçi...

DOWAMY