RSS

SOŇKY HABARLAR

7 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň wekiliýetini...

DOWAMY
6 Apr

METBUGAT ÜÇIN BEÝANNAMA

Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilmegi türkmen halky üçin bolşy ýaly, tutuş adamzat üçin hem şanly wakadyr. Şu ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 75 ýyllyk ýubileýini belleýär. 1948-nji ýylda dünýä ýurtlarynyň umumy başlangyjy boýunça döredilen bu gurama adamlaryň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäde howpsuzlygyň üpjün edilmegine hem-de her bir adamyň nirededigine garamazdan, saglygyň we rowaçlygyň iň ýokary derejesini gazanmaga mümkinçiligi...

DOWAMY
6 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN ONLAÝN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bu Guramanyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasy bilen baglanyşykly birnäçe halkara düzümler,...

DOWAMY
6 Apr

TÜRKSOÝ-YŇ BAŞ SEKRETARY BILEN MÖHÜM MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bu Gurama bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. 2024-nji ýylyň “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary – Magtymguly Pyragynyň ýyly” hem-de gadymy türkmen şäheri bolan Änewiň şol ýyl türki dünýäs...

DOWAMY
6 Apr

Turkmenistan was elected to the Executive Board of the United Nations Children's Fund (UNICEF) for the period 2024-2026

On April 5, 2023, during the Organizational Session of the United Nations Economic and Social Council (ECOSOC), elections were held for the subsidiary bodies of the Council. During the elections, ECOSOC members unanimously elected Turkmenistan as a member of the UNICEF Executive Board for the period 2024-2026. Earlier Turkmenistan was elected and served as a member of the UNICEF Executive Board in 2018-2020. Today, Turkmenistan is a member of 13 commissions, committees and councils of the...

DOWAMY
5 Apr

HIMIÝA ÝARAGLARYNY GADAGAN ETMEK BARADAKY GURAMANYŇ ÝANYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI AKKREDITIRLENDI

2023-nji 3-nji aprelinde Gaaga şäherinde Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek baradaky guramanyň (HÝAG) Baş direktory Fernando Ariasa bu Guramanyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurdy. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisi we Guramanyň Baş direktory Türkmenistanyň we HÝAG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýy barada özara pikir alyşdylar. Söhbetdeşligiň başynda Ilçi S.Pälwanow Baş direktora Türkmenistanyň Prezidenti Ser...

DOWAMY
4 Apr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Arkadagymyz myhmany gadyrly mübärekläp, onuň bilen ýadygärlik surata düşdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işe...

DOWAMY