RSS

SOŇKY HABARLAR

27 Noý

Türkmen-niderlandlar hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Niderlandlar Patyşalygynyň täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Nikolaas Shermers bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda diplomatik işiniň amala aşyrylmagyna ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda ileri tut...

DOWAMY
27 Noý

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tegelek stol geçirildi

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gynamalara garşy konwensiýa (OPCAT) goşmaça teswirnamanyň hödürlenmegine bagyşlanan gibrid görnüşinde tegelek stol geçirildi. Çäräniň işine ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin pudagara toparynyň agzalary, Aşgabatda akkreditirl...

DOWAMY
27 Noý

Alžiriň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň (oturýan ýeri Ankara ş.) täze bellenilen Ilçisi Amara Belaniniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-alžir gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. S...

DOWAMY
25 Noý

Aşgabatda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna bagyşlanan metbugat forumy geçirildi

25-nji noýabrda Sport myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Kuraş boýunça dünýä çempionaty - dünýä KHBS-de” atly halkara media-forum geçirildi.  Forumyň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary, şeýle hem Halkara Kuraş birleşiginiň ýolbaşçylar düzümi gatnaşdy. Forumyň çäklerinde häzirki guramaçylyk meseleleri beýan edildi.  Gatnaşyjylaryň esasy ünsi çempionaty maglumat bilen üpjün etmek meselesi...

DOWAMY
15 Noý

Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Konsullyk patentini gowşurdy

2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) Baş konsuly Batyr Ýolow Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.ý.ý. Amir Han Mottaka Konsullyk patentini gowşurdy.  Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Diplomatlar şeýle-de geljekde hem iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy...

DOWAMY
10 Noý

Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki möhüm meseleler barada pikir alyşdylar. Şunda Ministr Türkmenistanda demokratik institutlary mundan beýläk-de kämilleşdirmek...

DOWAMY
10 Noý

ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada iş sapary bilen gelen ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory Matteo Mekaççiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ministr bu saparyň Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi nukdaýnazaryndan möhümdigini belledi. Türkmenistanyň beýleki halkara guramalar bilen bir hatarda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy, Milli azly...

DOWAMY