img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Awg

TÜRKMENISTAN WE YSRAÝYL DÖWLETI AŞGABATDA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER

2018-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl tarapynyň wekiliýetine bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben-Swi baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, taraplar ähli ugurlarda, ýagny özaragatnaşyklaryň syýasy, sebitleýin we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň mesele...

DOWAMY
pic
8 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNESKO-NYŇ KLASTER EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan, ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki klaster edarasynyň direktory hanym Ester Kuiş-Laroş bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda abraýly halkara guramasynyň wekili türkmen tarapyna şu ýyllaryň dowamynda wezipesini ýerine ýetirmekde eden ýardamlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary haky...

DOWAMY
pic
7 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň ýurtlar boýunça Karz bölüminiň uly geňeşçisi Kenji Hosononyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça oýlanyşykly pikir alyşmalar amala aşyryldy. Taraplar  Türkmenistanyň Ýaponiýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan üstünlikli özara gatnaşyklaryň önjeýli häsiýetini nygtap geçip, bu günki däp bolan iş gatnaşyklaryň g...

DOWAMY
pic
6 Awg

AŞGABATDA “AMUL-HAZAR 2018” (TURKMEN DESERT RACE) HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN MEDIA-FORUM GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda, “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) Halkara awtorallisini geçirmek bilen bagly bolup duran meseleler bilen tanyşmak maksady bilen media-forum geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Telewideniýe, Radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gatnaşmagynda gurnaldy. Forumyň işine awtoulaglar dünýäsiniň öňdebaryjy hünärmenleri...

DOWAMY
pic
4 Awg

5-NJI AWGUSTDA AŞGABATDA HALKARA MEDIA FORUMY GEÇIRILER

2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda Aşgabat şäherinde “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisine bagyşlanyp Media forumy geçiriler. Bu halkara Media forumyň işine dünýäniň ençeme ýurdundan iri habarlar agentlikleriniň, gazet-žurnallarynyň, internet portallarynyň, teleýaýlymlarynyň wekilleri we sport hünärmenleri hem-de synçylary, şeýle hem Türkmenistanyň ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /

DOWAMY
pic
2 Awg

ABŞ-NIŇ KONGRESINIŇ WEKILLER PALATASYNYŇ DAŞARY IŞLER BOÝUNÇA KOMITETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-niň Kongresiniň Wekiller palatasynyň daşary işler boýunça Komitetiniň syýasat meseleleri boýunça geňeşçisi Ewerett Praýsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler....

DOWAMY
pic
1 Awg

MILLI EKOLOGIÝA KANUNÇYLYGY KÄMILLEŞDIRMEK – TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ OKUW MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE

Daşky gurşawy we ýer serişdeleri goramak boýunça Türkmenistanyň Döwlet komitetiniň, Mejlisiň, Adalat ministrliginiň we Türkmenistanyň beýleki degişli edaralarynyň wekilleri Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan Aşgabatda 30-31-nji iýulda gurnalan okuwynyň çäginde milli ekologiýa kanunçylygyny kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Okuw maslahatynyň maksady daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara kanunçylyk namalary we standartlary ba...

DOWAMY