SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler
2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň meseleler toplumy boýunça pikir alşyldy. Taraplar syýasy-diplomatik özara gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berdiler. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini kanagatlanma bilen...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem bilelikdäki çäreleri guramak bilen bagly meselelere garadylar. Iki döwletiň halkara we sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyna aýra...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bangladeş Halk Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Bangladeş Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Daşary işler ministrliginiň Gündogar we Günbatar ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Sekretary Ilçi Nazrul Yslam bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol gün Aşgabatda geçirilen syýasy geňeşmeleriň çäkler...
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni giňden bellenildi. «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat Hazar deňziniň güni mynasybetli çäreleriň esasysy boldy. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ugurdaş düzümleriň, ylmy edaralaryň hünärmenleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, h...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça utgaşdyryjysy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Gazagystandaky Missiýasynyň ýolbaşçysy, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda migrasiýa hereketlerini dolandyrmak, migrantlaryň hukuklaryny goramak we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler kesgitlenildi....
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Wilýam Lif bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitleýin howpsuzlyk, ykdysady-ekologik hyzmatdaşlyk we ynsanperwer gatnaşyklar bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar daşky gurşawy goramak we Hazar sebitiniň ekologik howpsuzlyg...
BMG bilen hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşyldy
2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaosýun Greýs Wan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk utgaşdyrmak we amaly taýdan ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar öňde boljak bilelikdäki çäreleriň geçirilmegine we T...