SOŇKY HABARLAR
GERMANIÝANYŇ GANNOWER ŞÄHERINDE "DOMOTEX 2019" HALKARA SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ HALY ÖNÜMLERINIŇ GÖRKEZILIŞI
2019-njy ýylyň 11-14-nji ýanwary aralygynda GFR-iň Gannower şäherinde haly önümleriniň we pol örtükleriniň 31-nji ýöriteleşdirilen halkara "DOMOTEX-2019" sergisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Tutuş dünýäde mälim bolan we Ýewropada irileriň arasynda ýer alan "DOMOTEX-2019" sergisiniň guramaçysy "Deutsche Messe АG" sergi-ýarmarka kompaniýasy bolup, bu sergi 1989-njy ýyldan bäri her ýylda geçirilýär we dünýäde halylaryň, parketleriň hem-d...
TÜRKMEN WEKILIÝETI “MERKEZI AZIÝA – HINDISTAN” ATLY DIALOGYNYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 12-13-nji ýanwarynda Samarkand şäherinde (Özbegistan Respublikasy) “Merkezi Aziýa – Hindistan” atly Dialogynyň daşary işler ministrleriniň derejesindäki birinji duşuşygy geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Owganystanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özarabähbitli hyzm...
TÜRKMEN WEKILIÝETI WENA ŞÄHERINDÄKI "FERIEN-MESSE WIEN" ATLY SYÝAHATÇYLYK SERGISINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 10–13-nji ýanwary aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde her ýylda geçirilýän "Ferien-Messe Wien" atly syýahatçylyk sergisi boldy. Bu çäre Awstriýanyň möhüm halkara forumy bolup, onda dünýä syýahatçylygynyň häzirki zaman ösüşi görkezilýär. Sergä dünýäniň 80 döwletinden 850 töweregi syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri gatnaşdy. Bu sergä Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekilleri hem gatnaşdy. Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň pawilýonynda ýurdumyzyň dürli e...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 9–10-njy aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ikinji halkara maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen brifing geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GAZDAN BENZIN ÖNDÜRÝÄN ZAWODYŇ GURLUŞYGYNYŇ BARŞY BILEN TANYŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, şol ýerde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanasynyň — Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu maýa goýum taslamasy Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädimdir. Pudagy diwersifikasiýa ýoly...
“AŞGABAT” MYHMANHANASYNDA GIŇ MÖÇBERLI BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI GEÇIRILDI
Şu gün “Aşgabat” myhmanhanasynda giň möçberli baýramçylyk çäresi geçirildi. Paýtagtymyzyň häkimliginiň guran çäresiniň maksatnamasy şatlykly wakalara baý boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň estrada ýerine ýetirijileri, teatrlaryň artistleri, tans toparlary çykyş edip, çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdylar. Myhmanhananyň göwnejaý derejede bezelen zalynda bagtyýar çagalaryň gülküsi belentden ýaňlandy. Olar guralýan çärelere uly joşgun bilen gatnaşdylar. Bezegli arçanyň töwereginde ýaýbaňlandyry...
TÄZE ÝYL DABARALARY WATANYMYZYŇ ÝAŞ NESILLERINIŇ BAGTYÝARLYGYNY ARTDYRÝAR
Şu gün Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň açylmagyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy. Dabara tamamlanandan soňra, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň mekdep okuwçylary Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugradylar. Şu ýyl 7 müňden gowrak okuwçyny kabul etjek Gökderedäki sagaldyş merkezleriniň 14-sinden başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda hereket edýän sagaldyş merkezleriniň 5-si körpeleriň 1...