img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny kabul etdi

2025-nji ýylyň 12-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi. Ýewropa komissary wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa komissaryny mähirli mübärekläp, myhmanyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklaryň geçiriljekdig...

DOWAMY
pic
10 Mar

Türkmenistanyň DIM-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriljek çäreler boýunça brifing geçirildi

2025-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň DIM-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara guramalary bilen bilelikde geçirjek halkara çärelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, milli hem-de daşary ýurt KHBS-iň ýolbaşçyla...

DOWAMY
pic
8 Mar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Euronews” teleýaýlymyna beren interwýusy

2025-nji ýylyň 6-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Euronews” teleýaýlymyna beren ýörite interwýusy ýaýlyma berildi. Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny tassyklady hem-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy wezipeleri barada gürrüň berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaý...

DOWAMY
pic
8 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

2025-nji ýylyň 7-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda gepleşikler geçirildi.  Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygyny mähirli mübärekläp, Gruziýanyň ýurdumyzyň dosty we ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäniň ýurdumyza şu gezekki saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ony täze many-ma...

DOWAMY
pic
6 Mar

Türkmenistanyň DIM-de ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi

2025-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, habar beriş serişdeleri hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek b...

DOWAMY
pic
6 Mar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi, iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar we bu mübärek aýda ediljek doga-dilegleriň Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti özara hormat goýmaga, d...

DOWAMY
pic
4 Mar

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy jenap Stipraýsy jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa üstünlikleri arzuw etdi. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda Merkezi Aziý...

DOWAMY