SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durmuş hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça meseleler maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistanda 2024-2028-nji ýyllarda durmuş hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasyny maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi. Çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän BMG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar ilaty durmuş taýdan goramagyň ulgamyny...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin habar
Halkara derejesinde hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan daşary syýasatyny halkara hukugyna laýyklykda alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyndan gelip çykýan, esasy ýörelgelerinden biri bolan döwletleriň territorial bitewiligine hormat goýmak bilen, Türkmenistan “bir Hytaý” ýörelgesini berk goldaýar we bütin Hytaýa wekilçilik edýän Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň ýeke-täk kanuny hökümet bolup durýandygyny ýene bir gezek...
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz ynanç hatlaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýolbaşçysy Tatýana Walowaýa öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk guraldy we onuň dowamynda Türkmenistan-BMG hyzmatdaşlygyna degişli bolan aktual meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Guramanyň esasy gymmatlyklaryna we ýörelgelerine ygrarlydygy, şeýle hem Türkmenistanyň dürli ha...
Заявленные Президентом Туркменистана на COP28 национальные позиции опубликованы в качестве документа 78-ой сессии Генассамблеи ООН
Заявление национальной позиции по вопросам изменения климата и экологической безопасности, сделанное Президентом Туркменистана в ходе двадцать восьмой сессии Конференции Сторон Рамочной конвенции Организации Объединенных Наций об изменении климата (COP28) в Дубае 1-2 декабря 2023 года, опубликовано и распространено на шести официальных языках ООН в качестве официального документа 78-ой сессии Генеральной Ассамблеи. С полным текстом документа можно ознакомиться по следующей ссылке https://undo...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Ilçisini kabul etdi
2024-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary ýo...
Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirokyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ministr R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselelerini ara alyp maslahat...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, institutyň professor – mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabarada Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredow, Türkm...