SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN “SUW SERIŞDELERINI TYGŞYTLY PEÝDALANMAK – DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA ÝETMEGIŇ ESASY” ATLY HALKARA MASLAHATYNY GEÇIRÝÄR
2019-njy ýylyň 5-6-njy noýabrynda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak – durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy” atly halkara maslahaty geçirildi. Ol özünde dünýäniň 10 ýurdundan 60-dan gowrak bilermeni jemledi. Maslahatyň işine suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynda taslamalary amala aşyrýan 9 sany halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Maslahaty geçirmek başlangyjy bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bil...
AŞGABATDA HALKARA KITAP SERGI-ÝARMARKASY WE YLMY MASLAHAT ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde ylmy maslahat öz işine başlady. Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ylym hem-de medeniýet işgärleri, neşirýat gullugynyň hünärm...
TÜRKMENISTANDA ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI DABARALY AÇYLDY
2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere döredijilik intelligensiýasynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylara iki ýurduň medeniýet ministrleriniň orunbasarlary gutlag sözi bilen ýüzlenip, şu wakanyň ähmiýetini bellemek bilen, ýola...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE “EKSPO-2020 DUBAÝ” BÝUROSYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de “EKSPO-2020 Dubaý” Býurosynyň ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Alynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşi nukdaýnazaryndan Dubaýda geçiriljek “EKSPO-2020” halkara sergisiniň m...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY ŞHG ÝURTLARYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow iş sapary bilen Daşkentde boldy, bu ýerde 2-nji noýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlygy Guramasy ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, diýlip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. ŞHG-nyň sammitinde çykyş edip, Reşit Meredow Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlygy Guramasy ýurtlary bilen köpugurly gepleşiklere taýýardygyny nygtady. Energiýa serişdelerini durnukly ugratmak ulgamyny üpjün etmek...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADA «PEKIN + 25» SEBITLEÝIN SYN MASLAHATYNYŇ IŞINE GATNAŞMAGY
2019-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Ženewada «Pekin + 25» Sebitleýin syn maslahaty öz işine başlady, ol gender deňliginiň gazanylmagy boýunça Hereketleriň Pekin platformasynyň durmuşa geçirilmeginde gazanylan ösüşleriň gözden geçirilmegi we meseleleriň ýüze çykarylmagy üçin forum bolup durýandyr. 1995-nji ýylyň Pekin jarnamasy we Platformasy has giň gerimli «ýol görkezijisi» bolup, tutuş dünýäde aýallaryň we gyzlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir. 2020-nj...
TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRILÝÄR
2019-njy ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň Koreýa Respublikasyna sapary boldy. Saparynyň barşynda Mejlisiň başlygy Koreýa Respublikasynyň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşdy. 2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda KR-nyň Milli Assambleýasynyň Dostluk toparynyň Başlygy jenap Park Deçul bilen iş günortanlyk nahary geçirildi. Günortanlyk naharynyň barşynda taraplar ykdysadsyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň...