SOŇKY HABARLAR
YSLAMABATDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda, Yslamabat şäheriniň Marriott myhmanhasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Brifinge gatnaşyjylara 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy my...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY Ç.K.AMANOW HAKYNDA
Polisiýanyň general-leýtenanty Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 30-njy ýanwary. *********** Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekret...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY N.B.KOWUSOW HAKYNDA
Polisiýanyň podpolkownigi Nurmyrat Bäşimowiç Kowusowy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň nyzam taýýarlygy we terbiýeçilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 30-njy ýanwary. / Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meselelere seredildi, 2020-nji ýyl üçin bu edaralaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňe...
BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ ÝYL ÝAZGYSY – 2019-NJY ÝYL: OBA HOJALYK TOPLUMY
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşykly obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Häzirki wagtda bu ulgamda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistany 2019 — 2025...
AŞGABATDA YHÖG-NYŇ BAHA BERMESINIŇ ÇÄKLERINDE ESASY NETIJELERIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA IKINJI IŞ MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) «Merkezi Aziýa ýurtlarynda telekeçiligiň hukuk gurşawynyň kämilleşdirilmegi: Türkmenistan» baha bermesiniň çäklerinde degişli netijeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça ikinji iş maslahaty geçirildi. Çärä türkmen tarapyndan ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň weki...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZAR DEŇZINDE GÖZLEG WE HALAS EDIŞ IŞLERINI GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA DUŞUŞYK ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikinji mejlisi öz işine başlady. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligin...