RSS

SOŇKY HABARLAR

4 Apr

BMG-NIŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN EDARALARY BILEN IKITARAPLAÝYN RESMINAMALARYŇ GOL ÇEKILMEGINE BAGYŞLANAN BRIFING

2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Ilçihanalaryň press-attaşeleriniň, halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, BMG-niň Türkmen...

DOWAMY
4 Apr

BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN SEBITLEÝIN WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komendanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.    Şeýle-de duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň adam hukuklary boýunça edaralary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ulgamynda işleriň gurallaryny kämilleşdirmegiň geljekki ädimlerini we mümkinçiliklerini...

DOWAMY
4 Apr

TÜRKMENISTAN HALKARA-HUKUK RESMINAMALARYNYŇ BINÝADYNY KÄMILLEŞDIRÝÄR

Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynyň işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen halkara-hukuk resminamalarynyň binýadyny ulgamlaýyn kämilleşdirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukuklary ulgamyndaky konwensiýalaryna gatnaşmak arkaly Türkmenistan bu resminamalaryň kadalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça iş ýüzünde degişli hereketleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda abraýly halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzü...

DOWAMY
4 Apr

TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASYNY GEÇIRDI

2019-njy ýylyň 3-nji aprelinde Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Ilçihanasy bu edaranyň ýanyndaky Ukrain-Türkmen işewürlik geňeşiniň ýardam bermeginde we işjeň gatnaşmagynda birinji Hazar Ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Dabara Ukrainanyň DIM-niň işgärleri, hazarýaka döwletleri bolan Azerbaijan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasýasynyň Ilçihanalarynyň diplomatlary, ýurduň sebit söwda-senagat e...

DOWAMY
4 Apr

«HOWDAN - BAJGYRAN» SEBITINDE HALKARA NOWRUZ GÜNÜNE BAGYŞLANAN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde «Howdan - Bajgyran» sebitiniň golaýynda Halkara Nowruz güni baýramçylygynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasy bilen birlikde gurnalan dabaraly çäre geçirildi. Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Ahal welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Eýran tarapyndan dabaralara hormatly myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Wise-prezidenti, Medeni miras, senetçilik we syýahatçylyk boýunça guramasynyň başlyg...

DOWAMY
3 Apr

TÜRKMENISTANYŇ GDA BAŞLYKLYK ETMEGINIŇ KONSEPSIÝASYNA LAÝYKLYKDA TÜRKMENISTANDA GEÇIRILMEGI MEÝILLEŞDIRILÝÄN ÇÄRELER

15 - 16-njy maýda Aşgabat şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçiriler Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, sungat we döredijilik babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Kar...

DOWAMY
2 Apr

POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR

2019-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku şäheri) Marek Salka bilen duşuşyk geçirildi. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /

DOWAMY