img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Mar

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ENELERINE, ÄHLI GELIN-GYZLARYNA

Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar! Sizi bahar paslynyň älem-jahany joşduryp, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenýän ýylynda joşgunly çäreler bilen utgaşýan Halkara zenanlar gününe bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, bäsleşiklerdir sergileriň eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp...

DOWAMY
pic
7 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNDAN ILÇIHANALARYŇ WE HALKARA GURAMALARYŇ WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI GUTLAGLAR

2020-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Daşary işler ministri R.Meredow Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň Türkmenistanda işleýän ähli zenan ýolbaşçylaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady we olaryň sowgatlaryny gowşurdy hem-de olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we jogapkärçilikli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.     Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, öz gezeginde, gyzgyn gutlaglary hem-de özlerine...

DOWAMY
pic
6 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ «ENE MÄHRI» DIÝEN HORMATLY ADYNY DAKMAK HAKYNDA PERMANY

Garaşsyz Diýarymyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçirilýän düýpli özgertmeler hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen, öňdebaryjy ýurduna öwürýär. Amala aşyrylýan tutumly işler merdana halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yzygiderli ösýän jemgyýetimiziň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin amatly şertleri döredýär. Batly gadamlar bilen öňe barýan Garaşsyz ýurdumyzyň gazanýan her bir üstünliginde, eýeleýän belent sepgitlerinde zähmetsöýer zenanlaryň...

DOWAMY
pic
6 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Ýurdumyzyň ilatynyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin: 1. 2020-nji ýylyň 8-nji martyndaky dynç gününi 9-njy marta — duşenbe gününe geçirmeli. 2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guram...

DOWAMY
pic
6 Mar

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine bugdaý we şaly ýygýan kombaýnlary, sürüm traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, çalgy ýaglaryny, sarp ediş serişdelerin...

DOWAMY
pic
6 Mar

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem «Ýurdumyzda 2020-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 1617-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2020-nji ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Ministrlikle...

DOWAMY
pic
6 Mar

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilata edilýän awtoulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenawtoulaglary» agentligine 400 sany «Hyundai AII New Super Aero City» kysymly şäher içi awtobusy hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada Koreýa Respublikasynyň «Hyundai» korporasiýasy bilen şertnama ba...

DOWAMY