SOŇKY HABARLAR
ГАЗОВАЯ СЕРА: ОТ ПОБОЧНОГО ПРОДУКТА К ВОСТРЕБОВАННОМУ СТРОИТЕЛЬНОМУ МАТЕРИАЛУ
Инновационные способы утилизации и промышленного использования природной серы, добываемой на нефтегазовых месторождениях страны, предложил старший научный сотрудник Института химии Академии наук Туркменистана кандидат химических наук Шамурад Мовыев. Совместно с коллегами ученый разработал технологию получения модифицированной серы из побочных продуктов газодобычи, а также отходов промышленной переработки этого минерала. По мнению ученого, из-за увеличивающихся темпов добычи природного газа...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMYNY DÖWREBAPLAŞDYRMAK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ony senagat taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek, gurluşyk ulgamynyň we gurluşyk senagaty önümçiliginiň işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNA YNSANPERWERLIK KÖMEGI
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryndan we halkymyzyň ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy döwletde ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy sebäpli, 19-njy martda türkmen paýtagtyndan bu ýurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, ynsanperwerlik kömegi iberildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine saglygy goraýyş maksatly serişdeleri we azyk önümlerini...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Eýran Yslam Respublikasynda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy sebäpli, bu ýurduň ilatyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli saglygy gor...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TBILISINIŇ MERKEZINDE WIDEOFILM GÖRKEZILDI
2020-nji ýylyň 18-nji martyndan Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy, Tbilisiniň merkezinde, Tbilisi konsert zalynyň öňünde ýerleşdirilen uly monitorda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli wideofilm goýberdi. Wideofilmde Türkmenistanyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary, şeýle hem syýasat, ykdysadyýet, senagat, oba hojalygy, medeniýet, sungat we sport ugurlarynda ýetilen uly üstünlikleri görkezilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 2020-nji ýyl «Türkmen...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINI WE RESMINAMA DOLANYŞYGYNY SANLYLAŞDYRMAK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň medeniýet we habar beriş syýasaty meselelerine gözegçilik edýän orunbasary B.Abdyýewanyň hem-de ulag we kommunikasiýa ulgamynyň işleriniň utgaşdyrylmagyna gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy, resminama dolanyşygynyň e...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, dost-doganlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolan Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň köptaraply gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna ýetip gelýän Bahar...