RSS

SOŇKY HABARLAR

19 Okt

HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MERKEZI AZIÝA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda wideo aragatnaşyk arkaly Howanyň üýtgemegi boýunça üçünji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady.  Ol 23-nji oktýabra çenli dowam eder. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet gulluklarynyň, ösüş boýunça halkara agentlikleriniň, maliýe institutlarynyň, ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de raýat guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.  Bu maslahatyň esasy mowzugy – deňeşdirilýän wagt araçäkleriniň dowamynda syn edilýän we howanyň tebigy durnuksyzlygy bilen bagly bol...

DOWAMY
17 Okt

TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Soňky ýyllaryň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-ýapon gatna...

DOWAMY
16 Okt

DIM-DE HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ HEM-DE HALKARA TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ ALYP BARÝAN IŞLERINE BAGYŞLANAN HALKARA BRIFING GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan halkara brifing geçirildi. Brifinge ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýä...

DOWAMY
15 Okt

TÜRKMENISTANYŇ MARRAKEŞ YLALAŞYGYNA GOŞULMAGY HAKYNDAKY GURALYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY

2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Bütindünýä Intellektual eýeçiligi guramasynyň (BIEG) Ženewa şäherindäki merkezi edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen «Körlere we görüş ukyby bozulan ýa-da metbigat maglumatlaryny kabul etmek bilen bagly beýleki mümkinçilikleri çäkli adamlara çap edilen eserleriň elýeterliligini ýeňilleşdirmek hakyndaky Marrakeş Ylalaşygyna» (2013-nji ýyl) goşulmak hakynda guralyň BIEG-iň Baş direktory jenap Daren Tanga gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabar...

DOWAMY
15 Okt

ЗАЯВЛЕНИЕ МИНИСТРОВ ИНОСТРАННЫХ ДЕЛ ГОСУДАРСТВ ЦЕНТРАЛЬНОЙ АЗИИ И РОССИЙСКОЙ ФЕДЕРАЦИИ О СТРАТЕГИЧЕСКИХ НАПРАВЛЕНИЯХ СОТРУДНИЧЕСТВА

Мы, Министры иностранных дел Республики Казахстан, Кыргызской Республики, Российской Федерации, Республики Таджикистан, Туркменистана, Республики Узбекистан, дорожа уникальными преимуществами стратегического партнерства, основанного на договоренностях глав наших государств и подписанных межгосударственных документах, в соответствии с традициями вековой дружбы, взаимного уважения и доверия, исполненные решимости углублять многоплановое взаимодействие, придающее устойчивость нашему долгосрочном...

DOWAMY
15 Okt

MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÜÇÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI

Şu gün, 2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow “Merkezi Aziýa + Russiýa” formatynda geçirilen Daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygyna gatnaşdy. Mejlise Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri R.Kazakbaýew, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamil...

DOWAMY
15 Okt

SÖWDA-YKDYSADY ULGAMYNDA TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÖSDÜRILMEGINIŇ DERWAÝYSLYGY

2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VI mejlisi göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Gurbanow, hytaý tarapyna bolsa HHR-iň Söwda ministriniň orunbasary we Hytaýyň halkara söwda gepleşiklerindäki wekiliniň orunbasary Ýuý Sziýanhua wekilçilik etdiler.   Şu formatda ilkinji gezek geçiri...

DOWAMY