SOŇKY HABARLAR
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2022-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sýan Naýçen bilen duşuşdy. Diplomatlar däp bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda bilelikdäki ykdysady we durmuş-medeni taslamalary durmuşa geçirmegiň ýokary neti...
AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna, şeýle hem söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynd...
TÜRKMENISTAN BILEN ABŞ-NYŇ ARASYNDAKY HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ ILKINJI DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Howpsuzlyk meseleleri boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew duşuşygy açmak bilen, bu duşuşygyň howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin geljekki geňeşmeleriň esasy bolup durýandygyny belledi. Taraplar sebit we halkara...
DAŞKENTDE “OWGANYSTAN: HOWPSUZLYK WE YKDYSADY ÖSÜŞ” ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 26-njy iýulynda Daşkentde “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine resmi wekiliýetler, alymlar we ylmy barlagçylar, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Eýranyň, Pakistanyň, Hindistanyň we Belgiýanyň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary we bilermenleri, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň ýolbaşçylary we hünärmenleri hem-de Ow...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SEBITIŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ NOBATDAKY KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary Yssyk-Kölüň Halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde dördünji konsultatiw duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni gyrgyz Lideriniň Çolpon-Ata şäherinde ýerleşýän döwlet kabulhanas...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNDAKY ÇYKYŞY
Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary! Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar! Ilki bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine şu duşuşyga gatnaşmaga çakylygy, myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndan bäri geçen bir ýylyň dowamynda dünýäde düýpli özgerişler bolup geçdi, täze ýagdaýlar, wehimler peýda boldy. Olar biziň sebitimizden hem sowlup geçmed...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, şol sanda kabul edilen borçnamalarynyň we Türkmenistanyň gatnaşýan adam hukuklary...