img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Okt

«TÜRKMEN ALABAÝY – YNAMYŇ WE WEPALYLYGYŇ NYŞANY» SERGISINE GATNAŞANLARA ÝUNESKO-NYŇ SERTIFIKATLARY GOWŞURYLDY

Türkmenistanda oktýabryň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda Suratçylar birleşmesiniň sergi zalynda bu gadymy tohum itlerine bagyşlanan fotosuratlaryň we suratlaryň sergisi açyldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guran «Türkmen alabaýy – ynamyň we wepalylygyň nyşany» sergisinde ussat fotosuratçylaryň, nakgaşlaryň, Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň işleriniň ýüzden gowragy görkezildi. Sergä...

DOWAMY
pic
28 Okt

TÜRKMEN ALABAÝY – MILLI BUÝSANÇ WE BAÝLYK

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpa» atly milli gymmatlyklaryň we kitaplaryň sergisi we II Halkara ylmy maslahat geçirildi. Çärä «Türkmen alabaýy itleri» Halkara asssosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, çäräni guran S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem foruma Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akad...

DOWAMY
pic
28 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ 54-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň 54-nji mejlisine we Assambleýanyň çäklerinde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine sapary boldy. Assambleýanyň umumy mejlisini GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Ba...

DOWAMY
pic
28 Okt

MOSKWADA TÜRKMENLERIŇ ETNOGRAFIÝASY BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRILDI

27-nji oktýabrda Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa instituty «Türkmenistanyň medeni mirasy: etnografiýa aspekti» at bilen türkmenleriň etnografiýasy boýunça seminar gurady. Çäräniň çäklerinde RYA-nyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň neşir edýän «Türkmenleriň etnografiýasy» kitaplar tapgyry bilen tanyşdyrylyşy boldy. Neşire girizilen ylmy işler türkmenleriň etnografiýasy temasyndan türkmen senetçiligine bagyşlanypdyr we suratlar ýerleşdirilipdir. Russiýad...

DOWAMY
pic
27 Okt

MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY AHAL WELAÝATYNYŇ DÖWREBAP EDARA EDIŞ MERKEZINDE ALNYP BARYLÝAN IŞLER BILEN TANYŞDY

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan köpugurly işleriň depginlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Munuň özi hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynd...

DOWAMY
pic
27 Okt

TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň sergisi geçirilidi. Bäsleşik halyçy gelin-gyzlary, heýkeltaraşlary, fotosuratçylary, neşirýat...

DOWAMY
pic
27 Okt

TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMYNA

Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyz Türkmen alabaýynyň baýramyny bellär. Bu wakany göz öňünde tutup, Aşgabatda we ähli welaýatlarda gadymy it tohumyna hem-de öňde boljak «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly II halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna bagyşlanan çäreler, sergiler, pikir alyşmalar geçirilýär. Esasy dabaralardan öň, B.Amanow adyndaky Türkmenistanyň Döwlet çagalar kitaphanasy paýtagtymyzyň mekdeplerinde okuwçylar bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Ara alyp maslah...

DOWAMY