RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Iýul

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistan Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň başynda Ministr Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýollanan mähirli salamy we iň gowy arzuwlary ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ik...

DOWAMY
pic
2 Iýul

Türkmenistanyň we Maliniň Daşary işler ministrleri telefon arkaly gepleşikleri geçirdiler

2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mali Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Abdulaý Diopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-mali hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar....

DOWAMY
pic
2 Iýul

Türkmenistanyň we Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Merkezi Afrika Respublikasynyň Daşary işler, frankofoniýa we daşary ýurtdaky merkezi afrikalylaryň işleri boýunça ministri Silwi Baýpo Temonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) görülýän taýýarlyk işleri barada pikir alyşdylar. m...

DOWAMY
pic
2 Iýul

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystanyň Daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplary we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. mfa.gov.tm

DOWAMY
pic
2 Iýul

R.Meredow Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministri Nensi Tembonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda özara ygrarlylyk beýan edildi....

DOWAMY
pic
1 Iýul

Türkmenistanyň we Burkina Fasonyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkina-Fasonyň Daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri jenap Karamoko Žan-Mari Traoreniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Burkina Fasonyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegine garadylar. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri bellenil...

DOWAMY
pic
1 Iýul

Türkmenistanyň we Niger Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Niger Respublikasynyň Daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtdaky nigerlileriň işleri boýunça ministri jenap Bakari Ýau Sangareniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň daşary syýasat edara...

DOWAMY