SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN KEŞDEÇILIK SUNGATY ADAMZADYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ SANAWYNA GIRIZILDI
Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar berişine görä, ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinde şeýle çözgüdi biragyzdan kabul edildi. Habarda 2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda giň ylalaşyga esaslanyp, ýokarda agzalan Komitet «Türkmen keşdeçilik sungaty» hödürnamasyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizmek goldady....
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HMG-NIŇ GEŇEŞINIŇ 113-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY
29-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Halkara Migrasiýa Guramanyň (HMG) Geňeşiniň 113-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär. Bu geňeşiň sessiýasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy, migrasiýa we ilatyň göçmegi ýaly hadysalaryň özara...
EÝRANYŇ ENERGETIKA MINISTRI BILEN DUŞUŞYK BARADA
2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Ali Akbar Mehrabianyň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda eýran wekiliýetiniň ýolbaşçysy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti bilen hem-de Türkmenistanyň Hökümetinde duşuşyklaryň geçirilendigini belledi we olarda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň giň mese...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ENERGETIKA MINISTRINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurtlar bilen köpugurly hyzm...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKSOÝ-YŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Guramanyň Baş sekretaryna 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary – Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip hem-de gadymy türkmen şäheri bolan Änewi bolsa şol ýylda türki dünýäsin...
ПОЛИТИЧЕСКИЕ КОНСУЛЬТАЦИИ МЕЖДУ МИНИСТЕРСТВАМИ ИНОСТРАННЫХ ДЕЛ ТУРКМЕНИСТАНА И ТУРЦИИ
28 ноября 2022 года в Анкаре состоялись политические консультации между Министерствами иностранных дел Туркменистана и Турецкой Республики. Туркменскую делегацию возглавил Заместитель Председателя Кабинета Министров, Министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов, а турецкую – Министр иностранных дел Турции Мевлют Чавушоглу. Министры Р.Мередов и М.Чавушоглу подтвердили, что Туркменистан и Турция придают большое значение как двустороннему сотрудничеству в торгово-экономической и гумани...
TÜRKMENISTAN - KOREÝA RESPUBLIKASY: STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRMEKDE PARLAMENT DIPLOMATIÝASYNYŇ TÄZE ÄDIMI
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen duşuşdy. Milli Assambleýanyň binasynyň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo we beýleki resmi adamlar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny gül...