SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ PREMÝERI BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet saparyna iki ýurduň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna täze itergi berjek möh...
TÜRKMEN-HYTAÝ STRATEGIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ BERKIDILMEGINE GÖNÜKDIRILEN RESMINAMALARYNYŇ TOPLUMYNA GOL ÇEKILDI
2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Pekinde ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki Beýannamana gol çekdiler. Iki dostlukly döwletleriň baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda däp bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen beýl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY AMALA AŞYRYLDY
07/01/2023 684 2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň täze ýylda daşary ýurda ilkinji saparynyň 6-njy ýanwarda bellenilen şanly sene — Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelendigini bellemek zerurdyr. 5-nji ýanwarda Prezidentimiziň uçary Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýan...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ KARARY 2023-NJI ÝYLY «ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLY» DIÝIP YGLAN ETMEK HAKYNDA
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine beslenýär. Tamamlanyp barýan ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň geçirilen, Berkarar döwletiň täze eýýamyna gadam basylan we möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, şeýle hem ägirt uly durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan döwri hökmünde taryha girýär....
AÇYKLYK WE ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK — NETIJELI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen hem-de özbek halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Özbegistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär. Şol gatnaşyklar...
PAÝTAGTYMYZDA BAÝRAMÇYLYK MYNASYBETLI TÄZE BINALARYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy boldy. Bu durmuş maksatly taslama ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelmegi, şäher ilatynyň sanynyň artmagy nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy. Häzirki döwürde Aşgabadyň bu künjeginde döwrebap ýol-ulag düzümi, şäher ilatynyň amatly durmuşyny...
TRANSPORT PROJECTS IN AFGANISTAN OF CENTRAL ASIAN STATES
On December 27, 2022, at the Institute of International Relations of the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan a training course was held with the participation Consul General of Turkmenistan to the Islamic Republic of Afghanistan (Mazar-e Sharif city) Kabayew Bazarbay, as well as the students of the institute within the framework of the Scientific-Methodological Center on Sustainable Development Goals. During the meeting, the Consul the students about the history, present day and futur...