SOŇKY HABARLAR
ÝUNESKO-NYŇ PARIŽDE ÝERLEŞÝÄN BAŞ EDARASYNDA HALKARA NOWRUZ BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Ilçihanalary we ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanalary bilen bilelikde Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan medeni çäräni geçirdiler. Medeni çäre ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azoulaýyň howandarlygynda Guramanyň baş edarasynyň kabul edişlikler zalynda geçirildi. Bu çärä ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň or...
BEÝIK BRITANIÝANYŇ PARLAMENTINIŇ LORDLAR PALATASYNDA TÄZE ARKADAG ŞÄHERINIŇ KONSEPSIÝASY BOÝUNÇA MAGLUMAT BERILDI
2023-nji ýylyň 13-nji martynda Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Lordlar Palatasynda Birleşen Patyşalygy bilen Merkezi Aziýa, Günorta Kawkaz, Gündogar Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryna bagyşlanan “Ikitaraplaýyn söwda we senagat aragatnaşyklary ýola goýmak” atly çäre geçirildi. Bu çärä Beýik Britaniýada akkreditirlenen Ilçiler, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili Baronessa Emma Nikolson, Birleşen Patyşalygynyň Pr...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 77-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BITARAPLYGYŇ DOSTLARY TOPARYNYŇ MINISTRLER DUŞUŞYGYNYŇ JEMLEÝJI JARNAMASY ÇAP EDILDI
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň birinji ministrler duşuşygynda kabul edilen Jarnama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty sany resmi dilinde (A/77/778 - aşakdaky resminama serediň) sessiýanyň gün tertibiniň “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy saklamak” atly 58-nji bendinde çap edildi. Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler duşuşygy 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda geçirildi....
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE UNFPA-NYŇ ÝURT BOÝUNÇA DIREKTORY BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji 15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) ýurt boýunça direktory Olaf Ronni Lindstrom bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar UNFPA-nyň Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen gol çeken ýyllyk meýilnamalarynyň çäklerinde alyp barýan üstünlikli işleri barada aýtdylar. Bu hyzmatdaşlygyň ugurla...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ (BSG) ÝOLBAŞÇYLYGY BILEN GEÇIREN DUŞUŞYKLARY BARADA MAGLUMAT
2023-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy jenap Rahimberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory doktor Ngozi Okonjo-Iwealanyň we BSG-niň baş direktorynyň orunbasary jenap Sýançen Çžanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen bagly hereketlere girişmek ugrunda Türkmenistanyň Hökümetiniň agza döwletler...
TÜRKMENISTANYŇ FRANSIÝADAKY ILÇISI MEZON-LAFIT ŞÄHERINIŇ HÄKIMI BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi M.Çaryýew Mezon-Lafit şäheriniň häkimi, Fransiýa mejlisiniň hormatly agzasy Žak Mýard bilen duşuşdy. Duşuşyga Fransiýa-Türkmenistan dostluk toparynyň başlygy jenap K.Burdeý hem gatnaşdy. Duşuşygyň esasy mowzugy Arkadag şäheri bilen Fransiýanyň paýtagty - Pariždan 19 km uzaklykda ýerleşýän Maýson-Lafitte şäheriniň arasynda doganlyk şäher gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy boldy. Söhbetdeşlikde Ilç...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA GOŞULMAK BOÝUNÇA GEPLEŞIKLERE GATNAŞÝAR
2023-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG), Halkara söwda merkeziniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Hökümetiniň BSG-nyň doly hukukly agzasy bolmaga berk ygrarlydygyny nygtady. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen ba...