SOŇKY HABARLAR
Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-leriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Seul şäherinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, koreý tarapyna bolsa Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, konsullyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny doglan güni bilen öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyý...
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň halkara guramalaryň, iri halkara forumlaryň we du...
Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçisi Hoja Öwezow ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklarda bar bolan mümkinçiliklere we wehimlere bilelikde baha bermek, ykdysady we üstaşyr hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem sebitara integrasiýa boýunça hemmetaraplaýyn ýol karta...
Türkmenistan Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Çärä Guramanyň agza döwletleriniň we synçy ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary we wise-prezidenti, ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem halkara düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, ykdysad...
Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Tunis Respublikasynyň Daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlarda ýaşaýan tunislileriň işleri boýunça ministri Mohamed Ali Naftiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Netijeli häsiýetde geçen söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy-diplomatik dialogy mundan beýläk-de pugtalandyr...
Ýokary derejedäki türkmen-gruzin gepleşikleri: hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we täze mümkinçilikler
2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Atagulyýew Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşdy. N.Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda t...