img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Iýun

TÜRKMENISTAN WE ATOM ENERGIÝASY BOÝUNÇA HALKARA AGENTLIGI HYZMATDAŞLYGY BERKITMEK ÜÇIN GELJEKKI ÄDIMLERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Türkmenistan üçin Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak boýunça mejlis geçirildi, oňa ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de IAEA-nyň ýolbaşçy wekilleri gatnaşdy. Iş duşuşygynyň dowamynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň degişli milli we köptaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapýan...

DOWAMY
pic
7 Iýun

MÜSÜRIŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-Naggari (oturýan ýeri Moskwa ş.) bilen duşuşdy we duşuşygyň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp m...

DOWAMY
pic
6 Iýun

AHHG-NYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATY BARADA

2023-nji ýylyň 5-7-nji iýuny aralygynda Duşenbe şäherinde AHHG-nyň 30 ýyllygy mynasybetli "Merkezi Aziýa: güýçli sebit instituty arkaly durnukly geljege tarap" atly halkara maslahaty geçirilýär. Bu sebitleýin gurluşynyň şanly senesine bagyşlanan maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Maslahata, şeýle hem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri, abraýly halkara we sebit gura...

DOWAMY
pic
5 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AHHG-NYŇ MÜDIRIÝETINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Duşenbe şäherinde Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.O.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli türkmen wekiliýeti Täjigistana sapar bilen geldi. Nobatdaky mejlise şonuň ýaly-da, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetleri,  AHHG-...

DOWAMY
pic
5 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY ÝURTLARDAKY WEKILHANALARY BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞLERINI GEÇIRDILER

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosipedli çäreleri vakyngünlerde Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary we konsullyklary tarapyndan gurnaldy. Welosipedli marafonlar dünýäniň dürli künjeklerinde geçirildi, oňa türkmenler we daşary ýurtly diplomatlar, halkara, jemgyýetçilik we sport guramalarynyň wekilleri, türgenler, türkmen we daşary ýurtly ýaşlar gatnaşdylar. Şeýle hereketler ilatyň saglygyny ýokarlandyrm...

DOWAMY
pic
5 Iýun

PREZIDENT SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ WEZIPÄ GIRIŞMEK DABARASYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň türk Lideriniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara gatnaşmagy iki dostlukly ýurduň netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy maksat edinýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Iki doganlyk halkyň taryhy, medeni we ruhy kökle...

DOWAMY
pic
3 Iýun

Türkmenistanly lukmanlar Owganystanyň aýallaryna we çagalaryna lukmançylyk ýardamlaryny berdiler

Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň adyndan ynsanperwerlik kömegi hökmünde gurlan çaga dogrulýan öýde bejeriş-maslahat beriş ýardamyny bermek maksady bilen, 2023-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda türkmen lukmanlaryň Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesine bellenen tertipde iberilmegini üpjün etmek barada Türkmenistanyň Prezidentiniň 7-nji maýda gol çeken Buýrugy esasynda, Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmanlary tarapyndan 15...

DOWAMY