img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe...

DOWAMY
pic
11 Okt

TÜRKMENISTAN WE TÜRKIÝE HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK HEM BERKITMEK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR

2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler. Türkmenistanyň P...

DOWAMY
pic
11 Okt

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI UGRATDY

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan we ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Owganystana ynsanperwer ýüki ugradyldy. Derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk ön...

DOWAMY
pic
20 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI SESSIÝASYNDA ÇYKYŞ ETDI

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu sessiýanyň gün tertibi okgunly ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlara we beýlekilere degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyz...

DOWAMY
pic
20 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “C5+1” KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy.  Bu sammit meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulmagyny üpjün etmek maksady bilen dowam edýän özgertmeler bilen baglanyşykly me...

DOWAMY
pic
20 Sen

MERKEZI AZIÝA WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ILKINJI FORUMY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Seulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň “Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek” atly ilkinji Maslahata gatnaşdy. Şeýle hem duşuşyga, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşç...

DOWAMY
pic
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Tükmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şol dialog bolsa ýylsaýyn giňelip, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu halkara düzümi bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem “Ýewropa Bile...

DOWAMY