TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

Şu gün, 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Nygtalyşy ýaly, umumy taryhy we medeni kökler hem-de çäk taýdan ýakynlygy bilen baglaşylan döwletlerimiz onlarça amala aşyrylan we meýilleşdirilen bilelikdäki taslamalara eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirýärler.

Taraplar ynanyşmak we özara hormat goýmak häsiýetleri bilen tapawutlanýan hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýändiklerini bellediler.

Iki goňşy döwletiň Baştutanlary netijeli ynsanperwer gatnaşyklaryny höweslendirmegiň wajypdygyny nygtap, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň, şeýle hem bilelikdäki çäreleri guramak tejribesini dowam etdirmegiň tarapynda çykyş etdiler.

/ Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /