OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA AGAÇ NAHALLARYNY EKIŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 3-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat döwlet uniwersitetiniň “Parahatçylyk” seýilbagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, şeýle-de 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli agaç nahallaryny ekiş dabarasy geçirildi.

Çärä Hyrat döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary we talyplary, Owganystanyň oba hojalyk, maldarçylyk we tebigaty goraýyş pudagyna degişli edaralarynyň ýolbaşçylary, Hyrat welaýatynyň ýaşululary, şeýle hem Hyrat şäheriniň häkimliginiň wekilleri gatnaşdylar.     

Dabarada çykyş edenler Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň agaç ekmäge çagyryşyna, Hyratdaky Baş konsullygy tarapyndan owgan tarapyna 500 sany düýp agaç nahallaryny gowşurmak bilen, ilkinji bolup Türkmenistanyň ýardam berendigi barada bellediler.   

Şeýle-de bu kömegiň parahatçylygyň we dostlugyň nyşanydygy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan babatda alyp barýan paýhasly daşary syýasatynyň netijesidigi hakynda bellenip geçildi.