2020-NJI ÝYLDA TÜRKMENISTANDA ÝURDUŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI 25 MILLION AGAÇ NAHALLARY EKILER

2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ähli ýerinde saýaly we miweli agaç nahallarynyň, şeýle hem üzümiň 25 million sanysy ekiler. Bu san ýurduň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny şöhlelendirýändir.

Agaç nahallarynyň bir bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 7-nji noýabrda geçirilen ählihalk bag ekiş çäresiniň barşynda ekildi. Oňa şeýle-de ýurduň Hökümetiniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şol sanda köpsanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Şu günki ählihalk ýowarynda Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy 30 agaç nahalyny ekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 31-nji ýanwarynda gol çeken «Ýurdumyzda 2020-nji ýylda bag ekmek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 25 million düýp nahaly ekiler. Bu hereket ýurdumyzda umumymilli bag ekiş maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini, şol sanda ýurduň ekologiki abadançylygyny göz öňünde tutmak bilen, döwletiň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanandyr.

Ýaşyl diplomatiýanyň hemmetaraplaýyn ilerledilmegi ulgamynda BMG we beýleki abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek zerurdyr. Bu günki günde Türkmenistan BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Daşky gurşaw maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi we beýleki köpsanly halkara hem-de sebit düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy ulgamyndaky döwlet syýasaty adam saglygynyň we ýaşaýşynyň ähmiýetliliginiň üpjün edilmegine, daşky gurşawyň goralyp saklanylmagyna hem-de dikeldilmegine, jemgyýetiň ekologiki, ykdysady we durmuş gyzyklanmalarynyň durnukly ösüşiň saklanylmagy bilen utgaşdyrylmagyna hem-de ählitaraplaýyn ýaşaýşa ukyplylyk oňyn gurawyň döredilmegine gönükdirilendir.

Türkmenistan gatnaşyjylaryň has ähmiýetli düzümini talap edýän ekologiýa meseleleriniň derwaýyslygynyň doly nazarda tutulmagynda, BMG-niň bu ugurdaky onlarça konwensiýalaryna goşulmak arkaly, durnukly ösüş babatynda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran möhüm meseleleriň çözgüdine jogapkärçilikli çemeleşýändir. Ýurt şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň, ýokary derejeli maslahatlaryň barşynda durnukly ösüş, suw-energetika serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy we azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, tebigy heläkçilikleriň töwekgelçilikleriniň azaldylmagy babatynda ähmiýetli teklipleriň ençemesini öňe sürdi.

Bu ugurda Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligini Aral deňziniň ekologiki heläkçiligine düýpli üns bermäge çagyrýandygyny bellemek wajypdyr.

Aral deňziniň guramagy netijesinde ekologiki betbagtçylyk zolagynda döreýän howa jisimleri, Aralýaka sebitiniň we ondan has uzakda ýerleşen ýerleriň tebigatyna, howasyna hem-de bu zolaklarda ýaşaýan adamlaryň  ýaşaýşaukyplylygyna düýpli ýaramaz täsirini ýetirýändir.

Türkmenistanyň AHHG-na başlyklyk eden döwründe ýurduň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde we 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilendigini nygtamak zerurdyr.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň dowam edýän häzirki 75-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Riо+20» Durnukly ösüş sammitinde BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky teklibini durmuşa geçirmegini dowam etjekdigini bellemek gerekdir. Ýurt şonuň ýaly-da BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) 2021-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan geljekki Aral boýunça Ýörite maksatnamanyň konsepsiýasynyň hem-de gurluşynyň deslapky taslamasyny hödürlemegi meýilleşdirýändir.

Hazar deňzinde biodürlüligiň we ekologiki deňagramlylygyň goralyp saklanylmagy Türkmenistanyň sebitleýin hem-de halkara derejesinde durmuşa geçirýän ekologiki ugurly özara hereketlerinde ileri tutýan meseleleriniň biri bolup durýandyr. Bu günki günde ýurt tarapyndan täze Hazar ekologiýa maksatnmasynyň Konsepsiýasy işlenilip düzüldi, onuň taslamasyna ýakyn wagtda Hazaryň deňiz gurşawynyň goralyp saklanylmagy boýunça Çarçuwaly Konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň nobatdaky mejlisiniň barşynda serediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /