img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ ÖZBEGISTANDAKY ILÇIHANASY TARAPYNDAN TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN LEKSIÝA GURNALDY

photo

2020-nji ýylyň 21-nji fewralynda Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan leksiýa geçirildi. 

Çärä Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň rektory K.Şaripow, uniwersitetiň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary we talyplary gatnaşdylar. 

Leksiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi türkmen Bitaraplygynyň taryhy hem-de onuň Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny barada gatnaşyjylara giňden gürrüň berdi. 

/ 2020-nji ýyl - TürkmenistanBitaraplygyň mekany /