TOKIODA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI BRIFING GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy, şeýle hem 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ýaponiýanyň “Asahi shimbun”, “NHK”, “Kyodo news”, “Mainiehi”, “Sumitomo global research”, “Japan-Eurasia Soeiety” ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi gatnaşyjylara ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy we ähmiýeti, onuň halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmakda orny, şeýle hem ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmekde BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň berdi.

Şeýle hem çäräniň dowamynda parahatçylygy üpjün etmek arkaly ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň ösdürilmegi hem-de döwletimizde we sebitde bu ugurda üstünlikli durmuşa geçirilýän taslamalar barada hem gürrüň edildi.

/ 2020-nji ýyl - TürkmenistanBitaraplygyň mekany /