TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ELEKTROENERGETIKA PUDAGYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hem-de energetika ministri M.Artykowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onda pudagyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz ýurdumyzda Türkmenistanyň ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşiniň möhüm ýagdaýy hökmünde giň gerimli energetika düzümleriniň döredilmeginiň hem-de işiniň kämilleşdirilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Bu düzümlerde başy başlanan giň gerimli taslamalar, şol sanda energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow pudakda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleri babatda elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça ýakyn geljek üçin kesgitlenen meýilnamalar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça energetika pudagynda ylmyň hem-de halkara tejribäniň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak maksady bilen degişli işler geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň energetikasynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça pudagyň düzüminiň üsti Aşgabatda hem-de welaýatlarda gurlan gazturbinaly elektrik beketleriniň birnäçesi bilen ýetirildi.

Şeýle hem Daşoguz — Balkan we Balkan — Ahal welaýatlarynyň arasynda halkalaýyn energoblogyň döredilmegi içerki sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.

Häzirki wagtda paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasy gurulýar. Paýtagtymyzyň hem-de beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik hem-de yşyklandyryş ulgamlary täzelenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary DES-ni bilen utgaşykly dolanyşyk esasynda işleýän ilkinji buggaz elektrik bekediniň işe girizilmegi ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka boldy. Bu döwrebap elektrik bekedi Türkmenistanyň eksport kuwwatynyň artmagynda möhüm orun eýeledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, daşky gurşawy goramak meselelerine örän ýokary derejede jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

Serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasy ugrudyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň energetika ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň, oňa häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesini we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselesiniň ähmiýetini belledi. Şeýle-de hereket edýän we gurulýan önümçilik kuwwatlyklarynyň işiniň ekologiýa talaplaryna doly kybap gelmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň degişli maksatnamasyna laýyklykda, Lebap welaýatynda gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygynda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljek, kuwwaty 432 megawat boljak bu iri taslamany bellenilen möhletde ulanmaga bermek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra energetika ministri M.Artykow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy çekmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

2018-nji ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we «Çalyk Holding A.Ş». kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Täze energiýa köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistan Respublikasynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň fewral aýynda geçirildi. Şonda taslama gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgam hakyndaky ylalaşyga gol çekildi.

2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Resminamada goňşy döwletleriň çägi boýunça transmilli energetika geçirijisini çekmek bilen baglanyşykly meseleler ylalaşyldy. Hususan-da, ylalaşykda Owganystana täze elektrik geçirijisi arkaly iberiljek elektrik energiýasynyň möçberi kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektrik energetikasynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi talap etdi hem-de ýurdumyzyň energetika syýasatyny durmuşa geçirmek bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiz energiýa serişdeleri boýunça Türkmenistanyň dünýäniň baý döwletleriniň biridigini, elektrik energiýasyny öndürmegiň tutuş dünýäde iň düşewüntli önümçilikleriň biri hasaplanylýandygyny nygtady.

Şundan ugur alyp, bu möhüm pudaga maýa goýumlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak zerurdyr. Şunuň netijesinde, türkmen energetika senagaty ýokary depgin bilen ösýär we dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksportuny artdyrmaga ukyplydyr.

Pudagyň kuwwatynyň artdyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara, ilkinji nobatda bolsa, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmaga ýardam eder. Degişli düzümiň döredilmegi täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer, dostlukly ýurduň durnukly ösmegine goşant goşar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan doganlyk owgan halkyna parahatçylykly durmuşy gurmakda hemmetaraplaýyn kömek berýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny çekmek ýaly iri taslamalar amala aşyrylýar. Munuň özi diňe bir gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem ägirt uly ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleriň ählisini iň täze tehnologiýalary ulanmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek arkaly çözmegiň wajypdygyny belledi. Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň degişli maksatnamasyna laýyklykda, ähli ýerlerde elektrik beketlerinde dürli inžener-tehniki işläp taýýarlamalar amala aşyrylýar. Şolar innowasion häsiýeti, ykdysady taýdan netijeliligi hem-de ekologiýa howpsuzlygy bilen tapawutlanýar.

Iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň öz wagtynda we üstünlikli gurulmagy, şeýle hem bu ulgamda beýleki halkara taslamalaryň mundan beýläk-de amala aşyrylmagy üçin Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligini döretmek baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz TOP taslamasynyň diňe sebit üçin däl, eýsem, tutuş dünýä üçin hem möhüm ähmiýetlidigini belläp, hödürlenen teklibi makullady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz M.Artykowyň ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmekde örän köp işleri edendigini, hususan-da, onuň Owganystanda iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly goşant goşandygyny, bu ugurda ägirt uly tejribe toplandygyny belläp, oňa ýene-de bir jogapkärli wezipäni ynanmak barada karara gelendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz M.Artykowy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirliginiň ýolbaşçysy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatdy.

Öz gezeginde, M.Artykow özüne bildirilen ýokary ynam hem-de tabşyrylan jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek üçin ähli gujur-gaýratyny hem-de tejribesini gaýgyrmajakdygyna mähriban Arkadagymyzy ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz M.Artykowa täze döredilen müdirligiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, onuň düzümine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda tejribeli işgärleri saýlap alyp, ony çaltrak işe girizmegi tabşyrdy hem-de oňa öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň üstüne ýükleýändigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, degişli ýolbaşçylara göz öňünde tutulan meýilnamalary ýerine ýetirmekde ähli tagallalary etmegi tabşyrdy we berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

/ Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /