TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY

2019-njy ýylyň 10-njy iýulynda Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Dabara Türkiýe Respublikasynyň köp sanly medeniýet we sungat işgärleri, taryhçylar, sungatşynaslar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň çäklerinde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi öz işine başlady. Şäheriň kongres binasynda bolsa türkmen kinofilmleri görkezildi.

Şeýle hem kitaphanada muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş sungaty eserleriniň hem-de halkymyzyň amaly-haşam döredijiliginiň, fotosuratlaryň we kitaplaryň sergisi guraldy.

Siwas şäheriniň Atatürk adyndaky medeniýet merkezinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Meşhur estrada aýdymçylary, folklor we tans toparlary, bagşylar öz çykyşlarynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi netijesinde kuwwatly itergä eýe bolan häzirki zaman milli medeniýetiň ýokary derejesini wasp etdiler.

Medeni çäreleriň çäklerinde milli atçylyk, hususan-da, seýisçilik sungatyna bagyşlanan «At - myrat» atly çeper film görkezildi.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /