TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝUNESKO-NYŇ HÖKÜMETARA OKEANOGRAFIKI KOMISSIÝASYNYŇ 30-NJY ASSAMBLEÝASYNYŇ IŞINE GATNAŞÝAR

Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde, ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara Okeanografiki Komissiýasynyň (HOK) 30-njy Assambleýasynyň işine gatnaşýar.

4-nji iýula çenli dowam etjek ÝUNESKO-nyň Hökümetara Okeanografiki Komissiýasynyň ýubileý assambleýasynda Komissiýanyň işi bilen baglylykdaky döwrebap meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle hem umman ylmy boýunça BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilişi, BMG we Bütindünýä meteorologiki gurama bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Konwensiýasynyň durmuşa geçirilişindäki Komissiýanyň we agza döwletleriň goşundy bilen baglylykdaky meselelere seredilip geçiler.

Şeýle hem, mejlisde adamzadyň bähbidine Dünýä ummanynyň gorlarynyň öwrenilmegine we özleşdirilmegine degişli meseleleriň giň toplumyna garalar.

Assambleýanyň çäklerinde maslahat ediljek wajyp meseleleriň biri – umman ylymlarynyň Halkara onýyllygy baradadyr. Durnukly ösüşiň bähbidine BMG-niň howandarlygy astynda umman ylymlarynyň Halkara onýyllygyny (2021-2030 ýý) geçirmek baradaky başlangyjy ÝUNESKO-nyň HOK guramasy tarapyndan, “Biziň isleýän geljegimize hökmany gerekli ummanyň ýolunda” atly şygar astynda öňe sürüldi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /