Gahryman Arkadagymyz Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, oba hojalyk we azyk ministri, Atçylyk we atçylyk sporty federasiýasynyň başlygy Marat Zýabbarow hem-de Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň direktory mähirli garşyladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanov toplumyň çäginde guralan Tatarystanyň oba hojalyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Sergide dürli görnüşli azyk önümleri görkezildi.
Hünärmenler myhmanlary serginiň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany atlara bagyşlanan sungat eserleri bilen gyzyklandylar. Serginiň bu bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň rus dilindäki nusgasyna aýratyn orun berlipdir.
Kazan halkara atçylyk sport toplumynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. Ýaryşlara türkmen çapyksuwarlary hem gatnaşyp, tatar tohumly bedewlerde çykyş etdiler we baýrakly orunlary eýelediler.
Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri iň gowy netijeleri gazanan türkmen çapyksuwarlaryna kuboklary gowşuryp, olary üstünlikleri bilen gutlady.
Watandaşlarymyz milli atçylygy ösdürmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Çapyksuwarlaryň haýyşy boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany olar bilen ýadygärlik surata düşdüler.
mfa.gov.tm