Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwniniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça bäş ýyllyk strategiýasyny öz içine almak bilen ulgamlaýyn işi ýola goýmaga gönükdirilen tekliplere garadylar.

Şeýle hem söhbetdeşler «ýaşyl» şäherler, suw çeşmeleri ýaly ugurlar boýunça döwlet we hususy düzümleriň gatnaşmagynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalar babatynda pikir alyşdylar.

mfa.gov.tm