Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanyna, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň, RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.

Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmany mübärekläp, Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de döwletara hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, Russiýa bilen köpugurly görnüşde konstruktiw hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow RF-niň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen XVI BRICS sammitiniň ýokary derejesini we ähmiýetini belläp, onuň döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança bolandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky yzygiderli hökümetara dialogy berkitmekdäki ähmiýetine ünsi çekip, onuň türkmen kärdeşleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen gepleşikleriniň netijeli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, syýasy dialog yzygiderli pugtalandyrylýar, işjeň parlamentara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar.

Taraplar bilim, ylym, medeniýet we saglygy goraýyş ugurlaryny nazara almak bilen,  ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlyk babatynda hem durup geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi tassyklanyldy. Ol ýurtlaryň uzak möhletleýin gyzyklanmalaryna gabat gelýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, däp bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

mfa.gov.tm