Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen geçirilen duşuşyk hakynda

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, doganlyk Türkmenistana ýene-de gelmäge dörän mümkinçilige örän şatdygyny belledi. Bellenilişi ýaly, Tatarystan Respublikasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna saldamly şahsy goşandyna ýokary baha berilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilýän günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklarynyň okgunly we netijeli häsiýetini belledi. Şol hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Tatarystanyň Baştutanynyň Türkmenistana saparynyň ähmiýeti barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri onuň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesine we bu gatnaşyklaryň ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi.

Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler däp bolan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Türkmenistany we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyny ynsanperwer ulgamda öňden gelýän netijeli gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Bu babatda ylym, bilim, medeniýet ugurlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça özara gatnaşyklaryň baý tejribesi toplandy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde Tatarystan Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmäge meýillidigini tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

mfa.gov.tm