Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2024-nji ýylyň 8-nji oktaýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we dostlukly ýurduň Baştutany mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, hususan-da, ýakynda wagtda geçiriljek möhüm ähmiýetli çäreler barada pikir alyşdylar.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dabaralara Türkiýede-de uly gyzyklanma bildirilýändigini aýratyn belläp, ýakyn wagtda şahyryň ýubileýine bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek halkara forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň Baştutany Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy üstünlikli geçirmek baradaky arzuwlarydyr gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we geljek nesillere ýetirmekde mynasyp goşant goşandygyny, köp işleri bitirendigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk ýurduň paýtagty Ankara şäheriniň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän seýilgähde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň oturdylmagynyň buýsandyryjy ýagdaýdygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň bu ugurda bitiren hyzmatlaryny hem-de türkmen we türk halklarynyň arasynda dost-doganlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň doganlyk ýurduň Baştutanyny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglaýandygyny habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýubileý medaly bilen tüýs ýürekden gutlap, beýik akyldar şahyrymyza hem-de türkmen medeniýetine goýýan sarpasy üçin Türkiýäniň Prezidentine we doganlyk türk halkyna minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyndan Emine Ärdogana salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen ata Watany Türkmenistana gelip görmegine garaşýandygyny aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

mfa.gov.tm