«Magtymguly» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Baş konsullykda Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň, Hyrat welaýatynyň Maglumatlar we medeniýet müdirliginiň hem-de Hyrat welaýatynyň döwlet uniwersitetiniň  mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysy «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärede çykyş edenler dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubileý toýynyň halkara derejede bellenýändigi,  şahyryň saýlanan eserleri ýygyndysyndaky goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetini we şahyryň ömri döredijiligini baý we edebi mirasyny öwrenmekde alnyp barylýan işler barada buýsanç bilen nygtap geçdiler. 

Dabara gatnaşanlar «Magtymguly» atly bu ajaýyp kitabyň daşary ýurtly magtymgulyşynaslar üçin olaryň her biriniň işinde we durmuşynda gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýandyklaryny belläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza ata Watanymyzyň gülläp ösmegi hem-de türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan tutumly işleriniň rowaç, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.