Aşgabatda CARICC-iň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Aşgabatda «Neşe wehimine garşy göreşmegiň sebit guraly hökmünde CARICC-iň maksatlary, wezipeleri, gazanan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri» atly brifing geçirildi.
Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkeziniň (CARICC) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde gurnan brifingine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we bilermenleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda häzirki döwrüň howplaryny we wehimlerini ýeňip geçmekde, şol sanda CARICC-iň taslamalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara we sebit hyzmatdaşlygyny işjeň ilerletmäge ýardam bermegi dowam etjekdigini belledi.
Brifingiň açylyş dabarasynda CARICC-iň direktory A.Ýazlyýew we BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirliginiň Sebit wekili O. Stolpe hem çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar CARICC-iň sebit we halkara derejesinde alyp barýan işleriniň netijeleri baradaky çykyşlary diňlediler, şeýle hem neşe serişdeleriniň halkara söwdasyna garşy göreşde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
mfa.gov.tm