Türkmenistan Owganystanyň ykdysady goşulyşma proseslerine gatnaşmagyny goldaýar

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Aşgabatda türkmen we owgan wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine bagyşlanan duşuşygy geçirildi. Owgan wekiliýetine Owganystanyň dag-magdan we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hedaýatulla Badri ýolbaşçylyk etdi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary girdi.

Duşuşykda wekiliýetleriň agzalary ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň häzirki wagtdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly Owganystany ykdysady goşulyşma proseslerine çekmek boýunça Türkmenistanyň işjeň garaýşy tassyklandy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar energetika we ulag pudaklarynda bilelikdäki taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler.

mfa.gov.tm