Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda Tährana amala aşyran iş saparynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy.
Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan, köp asyrlardan bäri dowam edýän we häzirki döwürde okgunly ösdürilýän gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli kabul edendigi we türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Beýik ruhy lider bilen bolýan duşuşyklaryň her birinde iki ýurt üçin özara bähbitli möhüm meseleler barada maslahat edilýändigini nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň maýy aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň şol wagtky Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, beýleki resmi wekilleriň aradan çykandygy zerarly Seýed Ali Hoseýni Hameneýä ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Halk Maslahatynyň Başlygy Beýik ruhy lideriň Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek babatda uly goşant goşýandygyny belläp, oňa Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
«Men diňe eýran doganlarymyz bilen gepleşiklerde belläp geçýärin, ýagny türkmen halkynyň parasatly pähimlerinde «Kyýamat güni goňşudan» diýilýär» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyna üns çekildi.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler dürli ugurlarda, hususan-da, nebitgaz, elektroenergetika, ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk babatynda giňişleýin pikir alyşdylar. Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýyl Eýranda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli medeni çäreleriň geçirilendigini belläp, bu babatda beren goldawlary üçin Beýik ruhy lidere minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Seýed Ali Hoseýni Hameneýi türkmen we eýran halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
mfa.gov.tm