Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi.

Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ilçini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, jenap Bernd Haýnsy jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly ýokary diplomatik wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini aýratyn belläp, Türkmenistanyň we Germaniýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, köptaraplaýyn esasda hem üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürýändiklerine kanagatlanma bildirdi. Soňky ýyllarda hyzmatdaşlyk «Merkezi Aziýa – Germaniýa» dialogynyň çäklerinde-de üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň ýene biridir. Şunuň bilen baglylykda, senagat, oba hojalygy, bank işi, ulag-aragatnaşyk ulgamlary geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine ünsi çekip, GFR-iň kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan goşandyny aýratyn nygtady.

Oňyn ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bernd Haýnsy Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesinde işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, ýola goýlan netijeli döwletara dialogyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde oňa hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.

mfa.gov.tm