Aziýa Ösüş Bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň Baş direktory bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aziýa Ösüş Bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň Baş direktory Ýewgeniý Žukow bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň (AÖB) arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, söhbetdeşler ulag, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň AÖB bilen ulag, energetika, hususyýetçilige goldaw bermek we maýa goýum hyzmatdaşlygy ýaly ugurlarda uzak möhletleýin gatnaşyklarynyň netijeliligi nygtaldy.
Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde taraplar 2025-nji ýylda Türkmenistanyň AÖB-na agza bolmagynyň 25 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly bilelikdäki taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
mfa.gov.tm