Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda asylly däbe görä, Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.
Şeýle-de 2022-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda ýurdumyzyň teklibi boýunça «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, sport jebisleşdiriji, ruhlandyryjy güýç bolmak bilen, ählumumy parahatçylygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýär.
Baýramçylyk mynasybetli guralýan welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeri bolan Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasy Aşgabadyň özboluşly desgalarynyň biridir. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşýarlar.
Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de bar.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýol aljak köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi.
Şu gezekki çärä Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary - Tejen - Aşgabat bölegi aralyga ilkinji gezek guralan welosipedli ýörişe gatnaşan türgenler hem goşuldylar.
Ýolugruna Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän Orunbasary B.Annamämmedowa ýüzlenip, alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, şäher infrastrukturasyny kämilleşdirmek, paýtagtymyzdaky seýilgählere we seýilbaglara talabalaýyk ideg etmek, şäher ýaşaýjylary üçin amatly şertleri, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikleri döretmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, ähli alnyp barylýan işlerde ekologik ugra möhüm ähmiýet berilmelidigini aýratyn nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli ýörişi ussatlarça tamamlap, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana bardy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin sport çäresine gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Şol bir gün Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem guraldy.
mfa.gov.tm