Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasyna bardy
2024-nji ýylyň 21-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.
Milli Liderimiz Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtymyzdaky ilçihanasyna gelip, bu ýerde goňşy ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen gürrüňdeş boldy.
Hajy Arkadagymyz doganlyk Eýranda agyr betbagtçylygyň bolandygyny aýtdy. Şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan hem-de hut öz adyndan, türkmen halkynyň adyndan gynanç sözlerini beýan etdi. Şeýle hem Arkadagymyz türkmen-eýran dost-doganlygynyň mizemez nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.
Hajy Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi baradaky habaryň çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul edilendigini aýdyp, bu pajygaly heläkçilikde goňşy ýurduň Baştutany Seýed Ebrahim Raisiniň aradan çykandygyny belledi. “Seýed Ebrahim Raisi görnükli syýasatçy we parasatly döwlet işgäri bolmak bilen, öz halkynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän köp işleri bitirdi. Ol türkmen-eýran gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ägirt uly şahsy goşandyny goşdy. Onuň biwagt aradan çykmagy bilen, siziň ýurduňyz Watanyna hyzmat eden wepaly ogluny, Türkmenistan bolsa hakyky dostuny ýitirdi” diýip bellemek bilen, hormatly Arkadagymyz şol dikuçarda Seýed Ebrahim Raisiniň ýanynda bolan ýokary wezipeli wekiliýet agzalarynyň hem wepat bolmagynyň örän gynandyryjydygyny aýtdy. Türkmenlerde «Kyýamat güni goňşudan» diýilýär. Şoňa görä-de, şeýle agyr pursatda Türkmenistan iň ýakyn goňşy hökmünde doganlyk eýran halkynyň gynanjyny paýlaşýar.
“Men ýene-de bir gezek Eýranyň ähli halkyna we wepat bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan, öz adymdan hem-de bütin halkymyzyň adyndan gynanç bildirýärin. Merhumlara iman baýlygyny dileýäris. Olaryň ýatan ýerleri ýagty, jaýlary jennet bolsun!” diýip, Arkadagymyz aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga okady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani wagt tapyp ilçihana gelendigi hem-de eýran halky üçin şu agyr pursatda medet beriji, ruhlandyryjy sözlerini aýdandygy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa eýran halkynyň we Hökümetiniň adyndan, hut öz adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
mfa.gov.tm